Rumyniýanyň Prezidenti Nikuşor Dan ýurtdaky aýylaryň sanyny azaltmaga gönükdirilen kanuna gol çekdi. Bu barada Euronews habar berýär.
Resminama laýyklykda, 2026-njy ýylyň ahyryna çenli 859 sany goňur aýyny awlamaga rugsat berilýär. Mundan başga-da, ilat üçin gönümel howp ýüze çykan ýagdaýynda ýene 110 aýyny «alaç hökmünde» ýok etmek mümkin.
Kanun taslamasy ýyrtyjy haýwanlaryň ilatly ýerlerde ýygy-ýygydan peýda bolup, adamlara hüjüm etmeginden soň, 16-njy sentýabrda Deputatlar palatasy tarapyndan kabul edildi. Prezident ozal bu resminama Konstitusiýa kazyýetiniň üsti bilen garşy çykmaga synanyşypdy. Şol sebäpli degişli çäräniň kabul edilmegi gijikdirildi. Indi käbir döwlet işgärleri we syýasatçylar galan wagtyň şu ýylky bellenen aw möçberini doly ýerine ýetirmäge ýetjekdigine-de şübhelenýärler.
Geçirilen barlaglara görä, Rumyniýada Ýewropadaky goňur aýylaryň iň uly topary ýaşaýar. Çaklamalara görä, olaryň sany 10,6 müňden 12,7 müňe çenli ýetýär. Aýylaryň sanynyň soňky ýyllarda çalt artmagy adamlar bilen ýabany tebigatyň arasyndaky çaknyşyklaryň köpelmegine getirdi.