Krit adasynda ÝUNESKO-nyň geologik seýilgähinde, takmynan, 8,5 million ýyllyk kerkiň kelleçanagy tapyldy. Bu barada Neakriti neşiri habar berýär.
Patras uniwersitetiniň paleontologiýa we stratigrafiýa professory Georgiý Iliopulosyň ýolbaşçylygyndaky alymlar Dihoplus pikermiensis görnüşine degişli galyndyny tapdylar. Bu giçki miosen döwründe Ýewraziýanyň günbatar böleginde ýaşan iki şahly kerkdir.
Tapyndy Sitiýa sebitiniň paleontologik baýlygyny öwrenmek we giňden tanatmak maksady bilen 2025-nji ýylyň martynda başlanan gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda ýüze çykaryldy. Galyndy arassalamak we konserwasiýa işleri üçin barlaghana ugradyldy.
Kelleçanagyň takmynan ýarysy saklanyp galypdyr, galan bölegi bolsa poslama we tebigy dargama netijesinde zaýalanypdyr. Saklanyp galan böleginde ýokarky äňiň üç sany uly azy dişi ýüze çykaryldy.
Dihoplus pikermiensis görnüşine degişli galyndylar alymlara biziň eýýamymyzdan millionlarça ýyl öň Krit adasynyň tebigy gurşawy we haýwanat dünýäsi barada täze maglumatlary berýär.
Mundan ozal hem bu sebitde, takmynan, 8–8,5 million ýyllyk äpet deýnoteriumyň (gadymy pil görnüşli haýwanyň) galyndylary tapylypdy.