Jodi atly nanotirannusyň $9 million baha kesilen ystyhany $47,3 milliona satyldy

Düýn, 21:211,306
1 / 2

Nýu-Ýorkdaky Sotheby's auksionynda Jodi atly nanotirannusyň ystyhany 47,3 million dollara satyldy. Bu auksionlarda satylan dinozawr ystyhanlarynyň arasynda bahasy boýunça ikinji iň ýokary görkezijidir. Ilkibaşda onuň satuw bahasy 6–9 million dollar aralygynda bolar diýlip çaklanylypdy.

Satyn alyjynyň ady aýan edilmeýär.

Taryhdan öň ýaşap geçen ýyrtyjynyň galyndylary 2019-njy ýylda ABŞ-nyň Montana ştatyndaky fermalaryň birinde tapyldy. Hünärmenleriň baha bermegine görä, ystyhan tas 70 göterim gowy saklanypdyr. Bu tapyndynyň gazuw-agtaryş işleri «Dinozawr awçylary» atly dokumental serial üçin esas hökmünde ulanyldy.

Nanotirannusyň uzynlygy, takmynan, 6 metre, beýikligi bolsa 2,9 metre ýetipdir. Daşky görnüşi boýunça ol tirannozawryň kiçeldilen görnüşini ýatladýar. Ýöne geçen ýyl neşir edilen barlaglar nanotirannusyň tirannozawryň ýaş ýa-da kiçi görnüşi bolman, eýsem, aýratyn bir topara degişlidigini tassyklady.

Iýul aýynda Gas atly tirannozawryň ystyhany Sotheby's auksionynda 50,1 million dollara satylypdy — bu auksionlarda gazylyp alnan dinozawrlar üçin rekord bahadyr. 2024-nji ýylda Apeks atly stegozawryň ystyhany, takmynan, 45 million dollara, 2020-nji ýylda bolsa Sten atly tirannozawryň galyndylary 32 million dollara satyldy.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, soňky ýyllarda dinozawr ystyhanlary aşa baý kolleksionerleriň täze oljasyna öwrüldi.