Dinozawrsyz baý – baý dälmi?: Bloomberg milliarderleriň täze heseri hakda

Düýn, 18:163,531

Gadymy döwrüň iň äpet jandarlary bolan dinozawrlar bu gün ýeriň aşagyndan çykyp, kaşaň we gymmat bahaly zatlaryň hataryna goşuldy. Olaryň ystyhanlary wagt geçdigiçe dünýäniň iň gurply we baý kolleksionerleriniň esasy awuna öwrülip barýar. Bu gyzykly mowzuk barada Bloomberg agentliginde hem giňişleýin makala ýerleşdirildi.

Makalanyň awtorlarynyň bellemegine görä, bu gadymy galyndylaryň bahasynyň çalt ýokarlanmagy bilen bir hatarda uly dawalar, galp önüm şübheleri we seslenme döreden derňewler hem orta çykdy.

Dinozawr bazaryna bolan gyzyklanma, aýratyn-da «Sten» atly tirannozawryň ystyhanynyň 31,8 million dollara satylmagyndan soň has-da güýçlendi. Şondan köp wagt geçmänkä, milliarder Ken Griffin 44,6 million dollara stegozawryň ystyhanyny satyn aldy. Ýaňy-ýakynda bolsa «Gas» atly tirannozawr Sotheby's auksionynda rekord goýup, 50,1 million dollara öz eýesini tapdy.

Bu boýunça iň uly dawa-jenjelleriň biri Christie’s auksion öýi tarapyndan 15–25 million dollar aralygynda baha kesilen «Şen» atly tirannozawryň ystyhanynyň söwdasynyň ýatyrylmagy boldy. Birnäçe paleontologlar we kolleksionerler bu eksponatyň süňkleriniň köp böleginiň meşhur «Steniň» nusgalaryna örän meňzeýändigini aýtdylar we onuň ylmy gymmatlygyny şüphe astyna goýdular.

Şolaryň hatarynda birnäçe muzeý sergilerini döretmäge gatnaşan britaniýaly maslahatçy Martin Jenkins hem hünärmenleriň berk gözegçiligine düşdi. Käbir bilermenleriň pikiriçe, sergilenýän eksponatlaryň taryplamasynda ystyhanlaryň asyl durkunda saklanyp galma derejesi aşa çişirilip görkezilipdir, olaryň tapylan ýerleri we gelip çykyşy baradaky maglumatlar bolsa kemter gelýär.

Hünärmenleriň bu şikaýatlaryndan soň, Christie’s auksion öýi goşmaça derňewleri geçirmek üçin şol dinozawry söwdadan aýyrdy. Şondan soňra, Beýik Britaniýanyň, Fransiýanyň we Täze Zelandiýanyň beýleki muzeýlerindäki eksponatlaryň töwereginde hem jedeller döredi, emma olaryň eýeleri ähli aýyplamalary ret etdiler.

Alymlaryň hem dogry belleýşi ýaly, aşa baý adamlaryň arasyndaky bu «dinozawr gyzgalaňynyň» pidakäri kolleksionerler däl-de, eýsem ylym bolup durýar. Çünki ylym dünýäsi üçin bu daşlaşan galyndylaryň anyk nireden gelip çykandygy we asyl durkynyň näderejede saklanandygy, olaryň auksiondaky gymmatyndan has möhümdir.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.