Mis magdanyny gözleýän hytaýly geologlar tötänden, takmynan, 115 million ýyl ozal ýaşan dinozawryň daşlaşan galyndysyny tapdy. Galyndy Ingen-Etszinasi howzundaky Guýtszihu sebitiniň golaýynda, 473 metr çuňlukdan çykarylan buraw özeniniň içinden tapyldy.
Bu Býan-Gobi geologik gatlagynyň günbatar böleginde tapylan şeýle görnüşdäki ilkinji galyndydyr. Bu barada Earth History and Biodiversity žurnalynda çap edilen ylmy makalada giňişleýin gürrüň berilýär.
Galyndy, esasan, guýrugyň düýbündäki oňurga süňklerinden we olar bilen baglanyşykly birnäçe süňkden ybarat. Gözlegçiler guýrugyň çanaklyk bilen birleşýän ýerindäki türräni, dört sany guýruk oňurgasynyň esasy bölegini, alty sany nerw ýaýyny, birnäçe kese ösüntgini we süňkleşen siňirleri tapdy.
Galyndynyň gurluş aýratynlyklaryna görä, hünärmenler ony guş çanakly dinozawrlara (Ornithischia) degişli etdi. Bu dinozawrlaryň iki esasy toparynyň biridir we onuň düzüminde ösümlik bilen iýmitlenýän görnüşler köp bolupdyr.

Tapyndynyň haýsy dinozawra degişlidigini anyklamak üçin alymlar oňurgalaryň ölçeglerini we şekil aýratynlyklaryny beýleki guş çanakly dinozawrlaryň süňkleri bilen deňeşdirdi. Munuň üçin olar anatomiki gurluşlaryň şekilini we ölçeglerini san taýdan deňeşdirmäge mümkinçilik berýän geometrik morfometriýa usulyny ulandy.
Deňeşdirme netijesinde tapylan oňurgalaryň psittakozawrlaryň (Psittacosaurus) süňklerine meňzeýändigi belli boldy. Psittakozawrlar hek döwründe Gündogar Aziýada giňden ýaýran irki şahly dinozawrlardyr.
Emma tapylan süňkleriň sany we ýagdaýy dinozawryň anyk urugyny ýa-da görnüşini kesgitlemek üçin ýeterlik däl. Şonuň üçin alymlar bu tapyndyny häzirlikçe görnüşi anyklanmadyk guş çanakly dinozawr hökmünde klassifikasiýa etdiler.
Býan-Gobi geolog gatlagynyň gündogar we merkezi böleklerinde öň hem dinozawrlaryň dürli görnüşleriniň galyndylary tapylypdy. Olaryň arasynda Penelopognathus weishampeli, Psittacosaurus sibiricus we Bannykus wulatensis bar.
Täze tapyndy irki hek döwründe bu sebitde ýaşan dinozawrlaryň belli bolan geografik ýaýrawyny has-da giňeldýär.