Hytaýly alymlar 7 200-den gowrak adamyň maglumatlaryny seljerip, gysga wideolara yzygiderli tomaşa etmek adamlaryň öz durmuşyndan kanagatlanma derejesiniň peselmegine we emläk deňsizligine bolan nägileliginiň artmagyna ýiti täsir edýär diýen netijä geldiler.
Bu hakda International Journal of Mobile Communications atly ylmy žurnalda çap edildi.
Alymlar Hytaýda geçirilen maşgala barlagynyň çäginde toplanan 16–69 ýaş aralygyndaky 7 257 adama degişli maglumatlary öwrendiler. Olar gysga wideolara tomaşa etmegiň ýygylygyny adamlaryň durmuşynyň dürli ugurlaryna berýän bahalary bilen deňeşdirdiler. Iň güýçli baglanyşyk emläk deňsizligine bolan garaýyşda ýüze çykdy: gysga wideolary höwes bilen görýän adamlar girdejileriň arasyndaky tapawutdan has köp närazy bolýarlar.
Bu ýagdaý, esasan, şäher ýaşaýjylarynyň, 45 ýaşdan kiçi adamlaryň we orta bilimli raýatlaryň arasynda has agdyklyk edýär. Alymlar bu toparlar jemgyýetçilik durmuşy baradaky maglumatlary almak üçin sanly platformalardan has köp peýdalanýar diýip çaklaýarlar.
Olar munuň iki sebäbiniň bolup biljekdigini öňe sürýärler. Birinjisi, wideolaryň mazmuny bilen baglanyşykly. Duýgulara täsir edýän we çylşyrymly meseleleri ýönekeýleşdirip görkezýän wideolar adamlaryň jemgyýete bolan ynamyny peseldip biler. Ikinjisi bolsa, adamyň öz durmuşyny wideolarda görkezilýän üstünlik we maddy üpjünçilik bilen yzygiderli deňeşdirmegidir. Şeýle deňeşdirmeler ýakymsyz duýgulary döredip, adalatsyzlyk düşünjesini öjükdirmäge ukyplydyr.
Bu ýagdaýda maslahat beriş algoritmleri hem belli bir derejede täsir edip biler. Olar ulanyjynyň öňki hereketlerine we gyzyklanmalaryna görä täze materiallary saýlap berýär. Netijede, «maglumat köpürjigi» ýa-da «ýaň kamerasy» diýlip atlandyrylýan ýagdaý döreýär. Şonda adam, köplenç, öňden gelýän garaýyşlaryny tassyklaýan maglumatlara duş gelýär. Munuň netijesinde onuň ykdysadyýet we jemgyýetçilik durmuşy baradaky düşünjeleriniň hakykata gabat gelmezligi-de ähtimal.
Hytaýda gysga wideolaryň giňden ýaýramagy bu meseläniň ähmiýetini has-da artdyrýar. Radio we telewideniýe boýunça milli müdirligiň Ösüş we barlag merkeziniň maglumatlaryna görä, ýurduň internet ulanyjylarynyň 95,5 göterimi şeýle wideolara tomaşa edýär.
Barlagyň awtorlarynyň pikiriçe, gysga wideolara tomaşa etmegiň ýygylygy bilen emläk deňsizligine bolan garaýşyň arasynda baglanyşygyň bardygy belli bolan hem bolsa, gönümel wideonyň hut özi adamlaryň nägileligini artdyrýar diýip hasaplap bolmaz.
Alnan netijeler sanly habar beriş serişdeleriniň Hytaýda hem-de gysga wideolar maglumat we güýmenje çeşmesi hökmünde giňden ulanylýan beýleki ýurtlarda jemgyýetçilik garaýyşlaryna nähili täsir edip biljekdigine düşünmek üçin peýdalydyr.