Soňky döwrüň aýdymlarynda duýgy azaldy: muny 38 müň aýdymyň seljermesi subut edýär

Düýn, 12:352,059

Soňky 77 ýylyň dowamynda döredilen meşhur aýdymlaryň sözlerinde duýgulara, maşgala we dostluga degişli sözler seýrekleşip, olaryň öwezini aladany we howsalany bildirýän sözler tutdy.

ABŞ-nyň Miçigan ştatynyň uniwersitetiniň psihologlary 1947–2024-nji ýyllar aralygynda çykan 38 467 aýdymy seljerip, şeýle netijä geldiler. Gözlegiň netijeleri Psychology of Aesthetics, Creativity and the Arts atly ylmy žurnalda çap edildi.

Alymlar dürli nesillere degişli 230 sany meşhur aýdymçynyň eserlerini öwrendiler. Awtomatiki tanamak ulgamynyň ýalňyşlyklaryna ýol bermezlik üçin, her aýdymyň sözlerini seljeriş toparynyň 30 agzasy el bilen barlapdyr. Bu usul diňe bir dürli aýdym-saz döwürleriniň arasyndaky üýtgeşmeleri däl, eýsem aýdymçylaryň döredijilik ýolunyň dowamynda aýdymlarynyň sözleriniň nähili özgerendigini hem yzarlamaga mümkinçilik beripdir.

Gözlegiň netijesinde, wagtyň geçmegi bilen aýdymlarda hem gowy, hem-de ýaramaz duýgulary beýan edýän sözleriň azalandygy anyklandy. Garyndaşlar we dostlar hakyndaky sözler hem seýrekleşipdir. Munuň tersine, howsalany we ynjalyksyzlygy bildirýän sözler köpelipdir. Gam-gussany we tukatlygy beýan edýän sözler bolsa doly diýen ýaly ýitipdir.

Gözlegiň esasy awtory, uniwersitetiň ylmy işgäri Logan Gibson bu barada şeýle belleýär:

«Adam ýaşy ulaldygyça duýgularyna erk etmegi öwrenýär we ähmiýetli gatnaşyklara has köp üns berýär. Şundan ugur alyp, aýdymçylaryň döredijilik ýolunyň dowamynda olaryň aýdymlary has oňyn häsiýete eýe bolar ýa-da adam gatnaşyklaryna has köp üns berer diýip umyt edýäris».

Şol bir wagtda gözlegiň netijeleri aýdymlaryň sözleriniň diňe bir aýdýanyň şahsy duýgularyna-da bagly däldigini görkezdi. Bu ugurda aýdym-saz bazarynyň talaplary we medeni şertler hem möhüm orun eýeleýär.

Adatça, aýdym-saz adamlaryň keýpini sazlamaga, başdan geçýän duýgulara düşünmäge we jemgyýetçilik gatnaşyklaryny berkitmäge kömek edýär. Şonuň üçin aýdymlaryň sözlerinde bolup geçýän üýtgeşmeler diňe bir aýdym-saz dünýäsindäki täze meýilleri däl, eýsem, jemgyýetde duýgularyň we adam gatnaşyklarynyň beýan edilişiniň hem özgerýändigini görkezýär.