Braziliýada äpet pyşbaganyň galyndysy tapyldy

Şu gün, 12:143,197
1 / 2

Alymlar Braziliýanyň Amazoniýa sebitinde ýurduň çäginde ilkinji gezek äpet süýji suw pyşbagasynyň doly ystyhanyny tapdy. Takmynan 8–10 million ýyl ozal, miosen eýýamynda ýaşan bu jandar Stupendemys geographicus görnüşine degişlidir.

Braziliýaly 16 alymdan ybarat ekspedisiýa Peru bilen serhetleşýän Patos sebitine gadymy haýwanlaryň galyndylaryny gözlemek üçin barypdy. Gözlegleriň dowamynda professor Fransisko Negri daşlaryň arasyndan çykyp duran äpet pyşbaganyň çanagyny gördi. Onlarça metr uzaklykdan hem görünýän bu tapyndy öň beýleki gözlegçiler gözden sypdyrypdyr.

Pyşbaganyň çanagynyň diametri 1,6 metrden geçýär. Çanaklyk we but süňkleriniň saklanyp galan böleklerinden çen tutan alymlar jandaryň uzynlygynyň iki metre golaý bolandygyny çaklaýar.

Tapyndyny çykaryp almak üçin toparyň bary-ýogy dört güni bardy. Agyr galyndylary daşamaga zerur enjamlaryň bolmandygy sebäpli, alymlaryň bir bölegi beýleki kiçi nusgalary gözlemegini dowam etdirdi. Galanlary bolsa Şiku-Mendis goraghanasynyň ýerli gaýykçylary bilen bilelikde agaçdan derege ýaradyp bolaýjak enjamy ýasamagyň ugruna çykdy. 

Häzirki wagtda daşlaşan galyndy has içgin öwrenilmäge taýýarlanylýar. Braziliýada doly görnüşde saklanyp galan pyşbaga ystyhanynyň ilkinji gezek ele salnandygy sebäpli, paleontologlar bu tapyndyny soňky onlarça ýylyň dowamynda sebitde bolup geçen iň möhüm wakalaryň biri hasaplaýar.

Bellenilişi ýaly, Stupendemys geographicus görnüşiniň iň uly çanagy mundan ozal Wenesuelada hem tapylypdy. Alymlar şol jandaryň bedeniniň uzynlygynyň 2,86 metr, agramynyň bolsa 1,1–1,2 tonna golaý bolandygyny kesgitledi. Bu bolsa onuň gabarasynyň tas ýeňil awtoulagyňky ýaly bolandygyny aňladýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.