Milli Odýubon jemgyýeti guşlara we olaryň goragyna bagyşlanan her ýylky «Audubon Photography Awards 2026» fotosurat bäsleşiginiň ýeňijilerini yglan etdi.
Bu ýyl bäsleşik 17-nji gezek geçirildi. Gatnaşýanlaryň işleri iki geografik ugra bölündi — Çili we Kolumbiýa, şeýle hem ABŞ we Kanada.
Eminler topary Çili we Kolumbiýa wekillerine dokuz, ABŞ we Kanada wekillerine bolsa sekiz baýrak gowşurdy. Baş baýraklaryň eýelerine 5000 dollar möçberinde pul sylagy hem-de «HX Expeditions» kompaniýasy bilen Antarktika ekspedisiýa gatnaşmaga mümkinçilik berildi.

Baş baýrak (Çili we Kolumbiýa): Magellan hüwüsi / © Francisco Castro Escobar

Kolumbiýanyň ýeňijisi: Sarymaňlaý amazon / © Santiago Giraldo

«Tebigaty goramak» (Çili we Kolumbiýa): Sarymaňlaý amazon / © Santiago Perez Rincon

«Guşlar we peýzažlar» (Çili we Kolumbiýa): Guaharo / © Faber Mosquera Alvarez

Ýokary baha, «Guşlar we peýzažlar» (Çili we Kolumbiýa): And dag horazy / © Cristian Camilo Castano Vargas

Ýokary baha, «Kenarýaka guşlary» (Çili we Kolumbiýa): Gyzylýüz jübtün/ © Marcelo Carcamo Vera

«Ýaş fotosuratçy»: Gamyş guşy / © Juan David Camacho Marquez

Ýokary baha, «Ýaş fotosuratçy»: Kolibri / © Camilo Sanabria Grajales

Gran-pri (ABŞ we Kanada): Gülgüne kaşykburun / © Jacqueline Burke

Gran-pri (ABŞ we Kanada): Akguýruk faeton / © Jacqueline Burke

Ýokary baha, «Guşlar we peýzažlar» (ABŞ we Kanada): Ullakan mawy gyrgy / © Jay Vanos

«Urkaçy guşlar» (ABŞ we Kanada): Adaty krohal / © Gail Bisson

«Guşlar üçin ösümlikler»: Daşdeşen we saguaro kaktuslary / © Mike Henry

Ýokary baha, «Guşlar üçin ösümlikler»: Uly jübtün we deňiz triostrennigi / © Kevin Lohman

Ýokary baha, «Biserhet guşlar»: Mele gotan/ © Erich Podbielski

«Tebigaty goramak»: Demirgazyk oluşlary / © Josh Galicki

Ýokary baha, «Tebigaty goramak»: Akbaş bürgüt / © Lourdes Venard
Bäsleşikde ýeňiji bolan ähli suratlar, şeýle hem eminleriň mynasyp gören işleri iňlis we ispan dillerinde onlaýn görnüşinde ýerleşdirildi. Olar «Audubon» žurnalynyň 2026-njy ýylyň güýzki sanynda hem çap ediler.
Şeýle-de ýylyň iň gowy 100 suratyndan ybarat ýygyndy 2026-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda neşir ediler. «Audubon Photography Awards 2027» bäsleşigine arzalar bolsa 2027-nji ýylyň 13-nji ýanwaryndan kabul edilip başlanar.