Holliwudyň seýrek film rekwizitleriniň tomusky auksionynda Stiwen Spilbergiň «Ýura eýýamynyň seýilgähi» filminde ulanylan, şepbikde doňup galan çybyn 400 müň dollara satyldy.
Filmde dinozawrlaryň täzeden direlmegine getiren ýagdaýlara hut şu çybyn sebäp bolupdy diýip, New York Post neşiri ýatladýar.

Propstore auksionlar öýüniň operasion müdiri Brendon Alingeriň aýtmagyna görä, 1993-nji ýylda surata düşürilen meşhur filmde ulanylan bu rekwizit filmiň we onuň medeni mirasynyň nyşanlarynyň birine öwrüldi.
«Filmiň manysyny şeýle tiz açyp görkezýän we ýyllar geçse-de täsirini ýitirmeýän zatlar o diýen köp hem däl. Kolleksionerleriň oňa bolan ägirt uly gyzyklanmasy bu rekwizitiň nähili ähmiýetlidigini görkezýär» diýip, Alinger belledi.

Auksionda beýleki meşhur film rekwizitleriniň hem bahalary az-kem bolmady. Jon Trawoltanyň «Şenbe agşamynyň galagoplygy» filminde geýen ak kostýumy 277 200 dollara, «Ýyldyz ýoly» (Star Trek) filmindäki fazer pistoleti 315 müň dollara, Kristofer Riwiň «Supermen» filminde geýen lybasy bolsa 233 100 dollara satyldy.

Robert Dauni-kiçiniň «Demir adam» filmindäki sowudy 138 600 dollara, Kianu Riwziň «Matrisa: Gaýtadan ýükleme» (The Matrix Reloaded) filmindäki kostýumy hem şol bahadan satyldy.
Şeýle-deý Jonni Deppiň «Karib deňziniň garakçylary» filminde geýen üçburç şlýapasy 100 800 dollara, Wal Kilmeriň «Tumstoun» filminde ulanan käsesi 119 700 dollara, Maýkl Jeksonyň «Thriller» aýdymynyň klibinde ulanylan oturtma dişleri bolsa 47 250 dollara täze eýelerini tapdy.
