Türkmen halkynyň Milli Lideri Kronenbergde Jemal bagşyny ýaş toýy bilen gutlady

Şu gün, 01:057,676

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Niderlandlara saparynyň çäklerinde Kronenberg şäherindäki Pilbergen atçylyk sport toplumynda türkmen sungat ussatlary bilen gürrüňdeş boldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.

Duşuşygyň dowamynda sungat ussatlary medeniýet we sungat işgärleri üçin döredilýän giň mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Liderine we Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyklaryny beýan etdiler.

Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň Gahrymany Annajemal Nurmuhammedowany ýaş toýy bilen tüýs ýürekden gutlady:

«Jemal bagşy, ynha, çet ýurtda Siziň ýaş toýuňyzy hemmämiziň adyndan gutlamak nesip etdi. Siz uzak ýyllaryň dowamynda baý many-mazmunly ajaýyp aýdymlaryňyz bilen halkymyzyň uly hormatyny gazandyňyz. Aýdym-saz sungatyny ösdürmekde we dünýä ýaýmakda uly işleri bitirdiňiz. Birnäçe döwlet sylaglaryna hem-de hormatly atlara mynasyp bolduňyz. Siz döwlet derejesindäki baýramçylyk konsertlerine gatnaşyp, halypa-şägirtlik ýoluny ösdürip, ýurdumyzyň abraýyna abraý goşýarsyňyz».

Türkmen halkynyň Milli Lideri ussat bagşa berk jan saglyk, uzak ömür we owazynyň mundan beýläk-de belent ýaňlanmagyny arzuw etdi. Öz gezeginde, Annajemal Nurmuhammedowa gutlaglar, şeýle-de döredijiligine berlen ýokary baha we edilýän aladalar üçin Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna we ýurduň Prezidentine hoşallygyny beýan etdi.

Soňra bu ýerde ussat aýdymçy Seýitguly Tülegenow Gurbanguly Berdimuhamedowyň sözlerine döredilen «Jemal bagşy» atly aýdymy ýerine ýetirdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.