Türkmenistanda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli dabaraly çäreler taýýarlanýar

Düýn, 21:213,505

Türkmenistanda ýekşenbe güni, 25-nji oktýabrda bellenilip geçiljek Türkmen alabaýynyň baýramyna taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Meýilleşdirilýän çäreler barada wise-premýer Taňryguly Atahallyýew anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hasabat berdi diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.

Baýramçylyk maksatnamasyna aşakdakylar girer:

  • Türkmen alabaýlaryny wasp etmek boýunça döredijilik bäsleşigi;
  • «Türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan türkmen alabaýyna we tazysyna goýulýan sarpa» atly milli gymmatlyklaryň we kitaplaryň sergisi;
  • «Türkmen alabaýynyň we tazysynyň ýetişdirilmegi: taryhy, medeniýeti we sungaty» atly VI halkara ylmy maslahaty;
  • Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň VI mejlisi;
  • «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» halkara bäsleşiginiň jemleýji tapgyry.

Prezident Serdar Berdimuhamedow baýramçylyk çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.