Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň kärdeşler arkalaşyklarynyň wekilleri Aşgabatda jemlener

Düýn, 21:56876

Noýabr aýynda Aşgabatda «Halkara zähmet standartlaryny we durnukly ösüşi öňe sürmekde kärdeşler arkalaşyklarynyň orny» atly halkara ylmy-amaly maslahaty hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň kärdeşler arkalaşyklarynyň ýolbaşçylarynyň sebitara forumy geçiriler. Bu barada Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň netijeleri boýunça «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.

Çärelere görülýän taýýarlyk barada wise-premýer Batyr Mämmedow hasabat berdi.

Forum Halkara Zähmet Guramasy bilen bilelikde guralýar. Çärä halkara guramalarynyň, daşary ýurtlaryň kärdeşler arkalaşyklarynyň, BMG-niň Türkmenistandaky edaralarynyň, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, şeýle hem jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Bu çäreleriň geçirilmegi Türkmenistanyň Halkara Zähmet Guramasy bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmäge hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň kärdeşler arkalaşyklarynyň arasynda hyzmatdaşlygy berkitmäge ýardam etmäge gönükdirilendir.

Şeýle hem gatnaşyjylar Türkmenistanyň kärdeşler arkalaşyklarynyň işi bilen tanyşmaga hem-de halkara zähmet standartlaryny we durnukly ösüşi öňe sürmek meselelerini maslahatlaşmaga mümkinçilik alar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow abraýly halkara guramalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň uly ähmiýete eýedigini belledi. Döwlet Baştutany maslahata we sebitara forumyna degişli derejede taýýarlyk görmegi we olary ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.