Türkmenistanda milli kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak boýunça işler dowam etdirilýär. Bu barada Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde habar berdi diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.
Gulmanowanyň maglumat bermegine görä, milli parlamentiň binasynda aşakdaky kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça işler alnyp barylýar:
- Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksi;
- Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeks;
- «Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda»,
- «Kärende hakynda»,
- «Paýdarlar jemgyýetleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary.
Mundan başga-da, Mejlisiň iş toparlary Türkmenistanyň halkara resminamalaryna goşulmagyny hukuk taýdan goldamak üçin zerur bolan kanun taslamalaryny işläp taýýarlaýar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow bu işleri dowam etdirmegiň we hereket edýän kanunlara zerur üýtgetmeleri taýýarlamagyň möhümdigini nygtady.