Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurduň ýaşaýjylaryny we ähli itşynaslary şu ýyl 25-nji oktýabrda bellenilip geçilýän Türkmen alabaýynyň baýramy bilen gutlady. Döwlet Baştutany öz gutlagynda gadymy tohumyň milli miras üçin ähmiýetini nygtady hem-de ony saklap galmakda we dünýä ýaýmakda gazanylan üstünlikleri belledi.
«Türkmen alabaýy dünýäniň iň gadymy itleriniň biridir, merdana halkymyzyň göz guwanjydyr, genji-hazynasydyr we milli mirasydyr» diýlip, ýüzlenmede bellenilýär.
Prezident ýurtda itşynaslygy ösdürmek, hünärmenleri taýýarlamak we halkara bäsleşiklerini geçirmek üçin ähli şertleriň döredilýändigini belledi. Ähli welaýatlarda we Aşgabat şäherinde häzirkizaman talaplaryny göz öňünde tutup, itleri köpeltmek üçin mümkinçilikler döredilen türkmen alabaýlarynyň merkezleri hereket edýär.
Serdar Berdimuhamedow türkmen alabaý itlerini ödürip ýetişdirmek däpleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegine aýratyn ähmiýet berdi. Bu karar 2025-nji ýylyň dekabr aýynda guramanyň Nýu-Delidäki hökümetara komitetiniň mejlisinde kabul edilipdi.
Prezidentiň aýtmagyna görä, halkara ykrarnamasy alabaýlaryň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak, tohumyň arassalygyny gorap saklamak we gadymy däpleri geljekki nesillere geçirmek üçin goşmaça mümkinçilikleri açýar.
«Ata-babalarymyz tarapyndan asyrlaryň dowamynda kemala getirilip, tohum arassalygy saklanyp gelnen, adamzat gymmatlygyna öwrülen alabaýlarymyz Ýer ýüzündäki tohum itleriň iň naýbaşylarynyň biridir» diýip, döwlet Baştutany nygtady.
Gutlagynyň ahyrynda Serdar Berdimuhamedow itşynaslara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we türkmen itşynaslyk sungatyny mundan beýläk-de ösdürmekde uly üstünlikleri arzuw etdi.