Nepalyň Nuwakot etrabyndaky mekdebiň müdiri Rajendra Dawadi sil gelýändigi hakda eşiden badyna haýal-ýagallyk etmän, 900 töweregi okuwçyny howpsuz ýere göçürmegi başardy. Ol ilkinji duýduryşlary alan badyna gyssagly çäre görmäge girişdi.
Dawadi ilki mekdepde okuwçylaryň biriniň kakasy peýda bolanynda alada edip başlapdyr. Ol adam sil gelmeginiň ahmaldygyny aýdyp, gyzyny mekdepden almak üçin gaýdan eken.
«Ata-eneler aňrujy zerurlyk bolmasa, beýle gyssanmaç gelmeýärler» — diýip, müdir BBC News gullugy bilen bolan söhbetdeşliginde gürrüň berýär.
Mundan başga-da, ol Trişuli derýasynyň ýokary akymynda ýerleşýän Betrawati şäherindäki dostunyň jaňyna-da ähmiýet beripdir we bir minudy-da yrýa etmän herekete geçipdir.
«Eger biz karary 10 minut gijikdirip kabul eden bolsak, bu gün okuwçylaram, menem siz bilen beýdip gepleşip bilmezdik».

Ol tizjek okuwçylary golaýdaky belentlige tarap ugradyp başlaýar. Käbir çagalar köwşüni geýmäge-de ýetişmän, mekdepden aýakýalaň çykypdyr. Şol wagt mekdepde 900-e golaý okuwçy bar eken. Ýene 700 töweregi okuwçy mekdebe indi ýöräp ýa-da awtobuslarda gelýär. Dawadi sürüjiler bilen derrew habarlaşyp, awtobuslary-da yzyna öwürip ýetişýär:
«Sil gelmäýende-de, bar ýitirenimiz ýekeje okuw güni bolar-da diýdim».

Iň soňky maglumatlara görä, sişenbe güni Nepalda we Hytaýda weýrançylykly sil suwlary sebäpli pida bolanlaryň sany 1 000-den geçdi. Nepalda 919 adam heläk bolup, ýene 4 700 adam dereksiz ýiten hasaplanylýar. Mekdebiň iki işgäri hem şol ýiten adamlaryň arasynda. Mugallym Santoş Pariýar hemmeler bilen gitmekden ýüz öwrüp, derýanyň boýundaky kärendesine alýan otagyna ugrapdyr. Mekdebiň garawuly Sultan Lama bolsa çagalar çykarylandan soň gapylaryny gulplamak üçin mekdebe gaýdyp baran eken. Şondan bäri olardan habar-hatyr ýok.

Häzirki wagtda Hytaý bilen Nepalyň serhedinde işleýän halas ediş toparlary sil suwy zerarly zeper ýeten 12 sany gidroenergetika desgasynda ýiten 900 işçiniň gözlegine aýratyn üns berýärler. Olardan 500 töweregi tunnelleriň içinde gabalyp galandygy çak edilýär.