Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Nepal Federatiw Demokratik Respublikasynda we Hytaý Halk Respublikasynda bolup geçen tebigy betbagtçylyklar zerarly iki ýurduň ýolbaşçylaryna gynanç hatyny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.
Döwlet Baştutany Nepalyň demirgazyk sebitlerinde we Hytaýyň Tibet awtonom sebitinde bolup geçen suw joşgunlary hem-de süýşgünleriň köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere we uly möçberli weýrançylyklara getirendigi zerarly Nepalyň Prezidenti Ramçandra Paudele hem-de premýer-ministri Balendra Şaha, şeýle hem Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine gynanç bildirdi.
Türkmenistanyň Prezidenti şu agyr pursatlarda heläk bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň, şeýle-de hut öz adyndan ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini, ejir çeken raýatlara bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.
Ýatlap geçsek, 26-njy awgustda Hytaýyň Tibet awtonom sebiti bilen Nepalyň arasyndaky serhetýaka zolagynda heläkçilikli suw joşguny bolup, sil geldi. Tebigy betbagtçylyga Langtang-Lirung depesinden uly buz böleginiň Lhende derýasyna duýdansyz gaçmagy sebäp boldy. Ol suwuň öňüne böwet bolup, soňam duýdansyz güýçli akymyň emele gelmegine getirdi.
Soňky maglumatlara görä, bu pajyga sebäpli Nepalda 389 adam heläk boldy, ýene 466 adam şikes aldy. 910 adam dereksiz ýiten hasaplanylýar (şol sanda 517 sany daşary ýurt raýaty). Häkimýetler ýene bir siliň gelmek ähtimallygynyň bardygyny ilata duýdurýar.
Hytaýyň Tibet awtonom sebitinde azyndan 3 adamyň heläk bolanlygy tassyklanyldy, 558 adam bolsa dereksiz ýiten hasaplanylýar (olaryň, takmynan, 260 sanysy — daşary ýurt raýaty).