Hytaýyň Tibet awtonom sebitinde 7,0 magnitudaly ýertitreme bolup, azyndan 16 adam heläk boldy, ýene 32 adam ýaralandy. Sinhua agentliginiň ýerli adatdan daşary ýagdaýlar gullugyna salgylanyp habar bermegine görä, ýertitreme Nagçu şäher okrugynda bolup geçdi.
Hytaýyň Adatdan daşary ýagdaýlary dolandyrmak ministrligi ýertitremäniň ojagynyň 10 kilometr çuňlukda ýerleşendigini mälim edýär.
Deslapky maglumatlarda aýdylyşy ýaly, ýene 11 adam agyr ýaralanypdyr. 339 maşgalanyň ýaşaýyş jaýlary weýran bolupdyr. Degişli gulluklar gözleg-halas ediş işlerini dowam etdirýärler, ejir çekenlere kömek berip, weýrançylygyň möçberini anyklaýarlar.
Ýerli häkimiýetler adatdan daşary ýagdaýlara dessin jogap bermegiň dördünji derejesini yglan edip, betbagtçylyk bolan sebite iş toparyny iberdiler.
Hytaýda adatdan daşary ýagdaýlara dessin jogap bermegiň dört derejeli ulgamy hereket edýär. Bu ulgamda birinji dereje iň agyr howpy aňladýar.