Los-Anjelesiň golaýynda tokaý ýangyny möwç alýar: Kaliforniýada ilaty gyssagly göçürýärler

Düýn, 12:504,956
1 / 4

ABŞ-nyň Los-Anjeles şäheriniň eteginde uly tokaý ýangyny möwç aldy. «Bike» diýlip atlandyrylan ýangynyň ojagy Santa-Klarita şäheriniň golaýynda ýerleşýär.

Ýangyn eýýäm 70 gektardan gowrak meýdana ýaýrady. Ýangynyň çalt ýaýramagy sebäpli, häkimiýetler etrabyň sekiz zolagyndan ilaty howpsuz ýere göçürmek barada karar kabul etdi. Göçürilen adamlar üçin Santa-Klarita şäherindäki «College of the Canyons» («Kanýonlar kolleji») okuw mekdebinde wagtlaýyn ýerleşdiriş merkezi döredildi.

Häzirki wagtda ýangynyň döremeginiň sebäbi anyklanylýar.

Kaliforniýanyň ýaşaýjylary bu hadysany üns bilen yzarlaýar. Geçen ýylyň ýanwar aýynda Los-Anjeles etrabynda ýüze çykan uly tokaý ýangynlary agyr betbagtçylyga sebäp bolupdy. Şonda 30-dan gowrak adam heläk bolup, ot 15 müňden gowrak binany, şol sanda birnäçe meşhur adamyň emlägini hem ýok etdi.