Litwanyň Geologiýa gullugy (LGT) ýurduň çäginde tebigy tektoniki ýertitremeleriň bolup geçýändigini ilkinji gezek resmi tassyklady.
2025-nji ýylyň 14-nji dekabrynda Litwanyň günbatar böleginde iki sany gowşak ýerasty sarsgyn hasaba alyndy. Ýöne olaryň tebigy gelip çykyşlydygyny Helsinki uniwersitetiniň Seýsmologiýa institutynyň hünärmenleri esli wagt geçirip, indi tassykladylar.
Ilkinji sarsgyn sagat 8:35-de bolup, onuň güýji 2,7 magnituda deň boldy. Ikinji sarsgyn sagat 12:03-de hasaba alyndy we onuň güýji 2,4 magnituda ýetdi. Iki ýertitreme hem gowşak bolany üçin hiç hili weýrançylyk ýüze çykmady. Muňa garamazdan, olar tebigy tektoniki gelip çykyşynyň ygtybarly enjamlaýyn maglumatlar arkaly tassyklanan şeýle görnüşli ilkinji hadysalardyr.
Ýertitremeler Gargždaý ýarylma zolagynyň golaýynda bolup geçdi. Olaryň ýerleşýän ýerini kesgitlemekdäki säwlikler sebäpli, hünärmenler ýertitremeleriň haýsy ýarylmanyň ýa-da onuň haýsy böleginiň hereketi bilen baglydygyny häzirlikçe anyk aýdyp bilmeýärler.
Hünärmenleriň bellemegine görä, 2,7 magnitudaly ýertitremede bölünip çykan energiýa 2,4 magnitudaly sarsgyna garanyňda, takmynan, 2,8 esse köpdür.
Täze alnan maglumatlar 2015-nji ýylyň 12-nji iýunynda Litwanyň günbatarynda hasaba alnan seýsmiki hadysa baradaky öňki netijelere hem täzeçe garamaga mümkinçilik berdi. Şol wagt 2,1 magnitudaly sarsgynyň tebigy ýertitremedigini ýa-da adam işjeňligi sebäpli ýüze çykan seýsmiki ýagdaýdygyny anyk kesgitlemek başartmandy.
Hünärmenler halkara GEOFON maglumatlar toplumyndaky seýsmogrammalary seljerenden soň, 2015-nji ýylda hem partlama däl-de, tebigy tektoniki ýertitremäniň bolandygy baradaky netijä geldiler.