Tailandyň ähli sebitlerinde suw joşmasy sebäpli ýetirilen ykdysady zyýan azyndan 12,3 milliard bata (takmynan, 365 million dollara) ýetdi. Ýitgileriň ýarysyndan gowragy — takmynan, 7 milliard bat — ýurduň paýtagty Bangkok şäherine degişli.
Suw joşmasy sebäpli bu ýerde bölek satuw söwdasy, hyzmatlar we syýahatçylyk pudaklarynda işler doly diýen ýaly togtadyldy.
Ozal habar berşimiz ýaly, häkimiýetler paýtagty tebigy betbagtçylyk zolagy diýip yglan etdi. 6 müňe golaý ýaşaýjy howpsuz ýerlerdäki wagtlaýyn merkezlere göçürildi.
Bangkokda adatça tutuş sentýabryň dowamynda ýagýan ýagyş mukdary bu gezek sanlyja günüň dowamynda çabga bolup indi. Şäher kanallary suwdan doldy, zeýkeş ulgamy özüne düşen agramy çekip bilmedi. Netijede, suw köçelere çykyp, ulag gatnawyny kynlaşdyrdy. Takmynan, 329 müň öýi suw basdy.
Sentýabryň ortalaryndan bäri dowam edýän güýçli çabga ýurduň 41 welaýatynda suw joşmalaryna sebäp boldy. Tebigy betbagtçylyk zerarly 8 adam aradan çykdy, takmynan, 580 müň hojalyga zyýan ýetdi. Suw basan sebitlerde ýaşaýan 80 müňden gowrak adam häzirlikçe öýlerini terk edip bilmeýär.

Bangkokyň käbir etraplarynda suwuň çuňlugy bir metrdenem geçdi. Adamlar belli bir ýerlerden köçäni dyzlaryna çenli suwa girip geçmäge, käbir ýerlerde bolsa hatda ýüzüp gitmäge mejbur boldular. Zeper ýeten etraplarda taşlanan awtoulaglary we suwa basan dükanlary görse bolýar.
Sarot Meksophawannakul / Thai News Pix / AFP / Scanpix / LETA

TNP / Arnun Chonmahatrakool / Thai News Pix / LightRocket / Getty Images

Wikus de Wet / AFP / Scanpix / LETA

Bangkokyň ýaşaýjysy töweregini suw basandygyna garamazdan, kafede arkaýyn naharlanmagyny dowam etdirýär.
Arnun Chonmahatrakool / Thai News Pix / AFP / Scanpix / LETA

Bangkokdaky Bang Kapi mähellesinde köçede taşlanyp gidilen awtoulaglar
Lillian Suwanrumpha / AFP / Scanpix / LETA

Mailee Osten-Tan / Getty Images

Bangkokyň ýaşaýjysy suw basan bazardan ýüzüp barýar
Chanakarn Laosarakham / AFP / Scanpix / LETA

Käbir söwdagärler täze ýagdaýa uýgunlaşyp, harytlaryny plastik gutularyň we çelekleriň üstünde ýerleşdirip, söwdany göni suwuň üstünde dowam etdirdiler.
Athit Perawongmetha / Reuters / Scanpix / LETA
28-nji sentýabrda Tailandyň dürli sebitlerinde ýagyş dowam etdi. Şol bir wagtyň özünde Bangkokda ýagynyň azalmagyna garaşylýar. Paýtagtda suwuň derejesi hem eýýäm peselişdi.