Tailandyň paýtagty Bangkok şäheriniň häkimiýetleri 24-nji sentýabrdan bäri yzyny üzmän diýen ýaly ýagýan güýçli çabganyň giň gerimli suw basmalara sebäp bolmagy sebäpli paýtagtyň 50 etrabyň ählisini-de tebigy betbagtçylyk zolagy diýip yglan etdi.
Şäherde 300 millimetrden gowrak ýagyn ýagdy. Köçeleri we ýaşaýyş ýerlerini suw basdy, käbir ýerlerde suwuň derejesi adamyň gap biline çenli ýetdi.
Bangkok şäheriniň gündogar bölegi has köp zyýan çekdi. Suwdan dolan kanallar gelen suwy geçirip bilmän, öýleri, dükanlary we esasy ýollary suw basdy. Şäher häkimi Çadçart Sittipunt häzirki ýagdaýyň adamlaryň janyna howp salýandygyny we döwlet hem-de hususy emläklere uly zyýan ýetirýändigini aýtdy.
Kanallaryň golaýynda ýaşaýan adamlara gymmat bahaly zatlaryny ýokarky gatlara çykarmak, awtoulaglaryny bolsa beýigräk ýerlerde goýmak maslahat berildi. Garrylara we maýyp adamlara aýratyn gözegçilik edilýär. Ejir çekenler üçin, dürli edaralarda, şol sanda mekdeplerde wagtlaýyn gaçybatalgalar taýýarlandy. Halas ediş işlerine we meýdan aşhanalaryny guramaga harbylar hem gatnaşýar. Şäher häkimiýetleriniň maglumatyna görä, häzire çenli, takmynan, 4,2 müň adam wagtlaýyn gaçybatalgalara ýerleşdirildi.
27-nji sentýabrdaky ýagdaý boýunça ýagyşyň güýji birneme peseldi, emma suw joşmasynyň netijeleri henizem saklanýar. Täze güýçli ýagyşlar bolmasa, häkimiýetler suwuň esasy bölegini iki-üç günüň dowamynda sowup biljekdigine garaşýarlar. Şol bir wagtyň özünde meteorologlar sebitde ýagynyň dowam etjekdigini çaklaýarlar.
Suwarnabhumi we Donmyang howa menzilleri adaty tertipde işlemegini dowam etdirýär. Tailandyň Syýahatçylyk müdirligi ýollarda gijikmeleriň bolup biljekdigini duýduryp, syýahatçylara howa menzillerine we esasy ulag merkezlerine öňünden çykmagy maslahat berýär. Suwarnabhumi howa menzilinde işler kadaly alnyp barylýar, ýöne ýolagçylara ýola çykmazdan öň köçedäki ýagdaýdan habardar bolmak maslahat berilýär.
Suw joşguny diňe Bangkok şäheriniň başyndan inmedi. 26-njy sentýabrdaky maglumatlara görä, tebigy betbagtçylykdan Tailandyň 21 welaýatynda 84 müňden gowrak adam ejir çekdi.