Ispaniýanyň Albasete welaýatynyň Madrigeras şäheri güýçli çabgadan soň suwuň astynda galdy. Tebigy betbagtçylygyň netijesinde 102 ýaşly aýal heläk boldy.
Gysga wagtyň içinde şäheriň çäginde her inedördül metre 142 litr ýagyş ýagdy.
Ýaşaýyş jaýlaryny, ýerzeminleri, garažlary we söwda nokatlaryny suw basdy. Heläk bolan aýalyň öýünde suwuň derejesi bir metrden hem geçipdir.
Halas ediş gulluklary, esasan, suwuň çalt ýokarlanmagy sebäpli öýlerinden özbaşdak çykyp bilmedik garry adamlary howpsuz ýere göçürdi. Netijede, takmynan, 90 adamy halas etmek başartdy.
Güýçli çabgadan ýaňa şäheriň köp bölegi suwuň aşagynda galyp, awtoulaglara uly zeper ýetdi, käbir ýollarda ulag hereketi kesildi. Halas ediş işleriniň agramly bölegi tamamlanandan soň, degişli gulluklar zyýan çeken ýerleri arassalamaga we tebigy betbagtçylygyň netijelerini ýok etmäge girişdi.
Amatsyz howa Ispaniýanyň beýleki sebitlerine hem täsir etdi. Aýratyn hem ýurduň gündogar we demirgazyk-gündogar böleginde, şol sanda Walensiýa we Kataloniýa awtonom sebitlerinde ýyldyrymly güýçli ýagyş ýagdy. Howa şertleriniň ýaramazlaşmagy sebäpli birnäçe sebitde duýduryş derejesi ýokarlandyryldy. Häkimiýetler ilata seresaplylygy elden bermezligi towakga etdi.
Ýurtda howa ýagdaýy häzirem çylşyrymlylygynda galýar. Käbir sebitlerde ýene-de güýçli ýagyş ýagmagy we ýyldyrym çakmagy mümkin.