Panamada 7,7 magnitudaly ýertitremäniň yzyndan 50-ä golaý dowamly sarsgynlar hasaba alyndy

Düýn, 13:524,848
1 / 5

Panamanyň günorta kenarýakasynda 7,7 magnitudaly ýertitreme hem-de 50-ä golaý dowamly sarsgynlar hasaba alyndy. Deslapky maglumatlarda bellenilişi ýaly, adam pidasy ýok, ýöne birnäçe kişä şikes ýetdi diýip, Euronews habar berýär.

ABŞ-nyň Geologiýa gullugynyň (USGS) maglumatyna görä, anna güni bolup geçen ýertitremäniň merkezi Pitalosa-Arriba ilatly nokatdan, takmynan, 12 kilometr günbatar-günorta-günbatarda ýerleşdi.

Ýerasty sarsgynlar suw arassalaýjy desgalara, ýollara, ýerli dolandyryş edaralarynyň binalaryna we ýaşaýyş jaýlaryna zeper ýetirdi. Penonome şäherindäki San-Huan-Bautista ybadathanasynyň bir diňi ýykyldy. Has köp zyýan çeken welaýatlaryň hatarynda Weraguas, Errera we Los-Santos bar.

Paýtagt Panamada binalaryň yraň atyp durandygyny görenler bar hem bolsa, şäheriň zeper çeken ýeri ýüze çykarylmady.

Ýertitremeden soň, Ýuwaş ummanyň gündogar bölegine sunami howpy barada duýduryş berildi. Soňra bu duýduryş ýatyryldy. Tebigy betbagtçylygyň sarsgynlary goňşy Kolumbiýanyň käbir sebitlerinde hem duýuldy.

Panamanyň Prezidenti Hose Raul Mulino ilaty asudalygy saklamaga we howsala düşmezlige çagyrdy.

Panama Ýuwaş ummanyň «ýangyn halkasy» diýlip atlandyrylýan giň seýsmik işjeň zolagynda ýerleşýär. Dünýädäki ähli ýertitremeleriň tas 90 göterimi şu zolakda bolup geçýär.