Fransiýanyň günortasynda ýagan güýçli çabganyň netijesinde suw joşguny döredi. Tebigy hadysa zerarly Marsel şäheriniň golaýynda bir adam aradan çykdy. Korsika adasynda bolsa ýitirim bolan ýene bir adamy gözlemek işleri dowam edýär. Bu barada Euronews habar berýär.
Fransiýanyň Buş-dýu-Ron departamentinde 75 ýaşly erkek kişi suw joşgunynyň pidasy boldy. Sen-Mitr-le-Rempar kommunasynda güýçli suw akymy ony alyp gitdi. Onuň jesedi goňşy Istres şäherinde tapyldy.
Hernä, onuň ýanyndaky başga bir adamy halas etmek başartdy.
Korsika adasynda Fýumorbo derýasynyň joşmagy netijesinde iki adamly awtoulagy suw akymy alyp gitdi. Olaryň biri ulagyň penjiresinden çykyp, halas bolmagy başardy. Ikinji adamy gözlemek işleri bolsa dowam edýär.
Fransiýanyň Meteo-France meteorologiýa gullugynyň maglumatlaryna görä, güýçli çabga başlany bäri, Solensara şäheriniň demirgazygynda 400 millimetre golaý ygal düşdi. Ýerli howa menzilinde bolsa, bary-ýogy bir sagadyň dowamynda bu görkeziji 191 millimetre ýetdi.
Güýçli çabga derýalary joşduryp, ýaşaýyş jaýly etraplary we awtoulaglary suw astynda galdyrdy.
Istres şäherinde suw joşgunyndan ejir çeken etraplaryň ýaşaýjylary howpsuz ýere göçürilip, sport zalyna ýerleşdirildi. Ero departamentiniň Lýunel şäherinde bolsa awtoulaglar tas tutuşlygyna suw astynda galdy.
A9 awtomobil ýolunda ulag hereketi birnäçe sagatlap kesildi. Marsel şäherinde tramwaýlaryň hereketi wagtlaýyn togtadylyp, awtomagistrallaryň käbir çykalgalary ýapyldy.
Güýçli ýagyn demir ýol gatnawynyň işine hem öz täsirini ýetirdi.
Korsika adasynyň gündogar kenarýakasynda howa şertleri sebäpli iň ýokary — gyzyl derejeli duýduryş yglan edildi. Meteorologlar ýene-de güýçli ýagynlaryň ýagmagynyň, hatda doly düşmeginiň we güýçli ýeliň turmagynyň mümkindigini duýdurýarlar.