Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 1-nji sentýabrda Aşgabatda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň açylyş dabarasynyň çäklerinde ýokary hilli tehnologiýalar we enjamlar bilen üpjün edilen okuw-tejribehanalaryny gözden geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.
Ilki bilen, Serdar Berdimuhamedow binagärlik we seýsmika durnukly gurluşyk-barlag tejribehanasyna bardy. Bu ýerde Italiýanyň «Moho», «Sara Electronic Instruments» kompaniýalarynyň ýertitremeler we seýsmiki gözlegler üçin enjamlary, Şweýsariýanyň «Leica» kompaniýasynyň ýokary takyklykdaky geodezik ölçegleri geçirmek üçin enjamlary, Türkiýäniň «UTEST» kompaniýasynyň gurluşyk serişdeleriniň, boýaglaryň, betonlaryň galyňlygyny ölçemek üçin niýetlenen enjamlary ýerleşdirilipdir.

Döwlet Baştutanyna hakyky ýertitremeleriň yrgyldylaryny emeli usulda döredip, binalaryň durnuklylygyny 3D görnüşde göni ekrana çykaryp barlamaga mümkinçilik berýän «Motion Systems PS-6TM-550» synag meýdançasy tanyşdyryldy. Şeýle hem «Sara Electronic Instruments» kompaniýasynyň möhüm desgalaryň yrgyldy ýagdaýyny uzak möhletleýin gözegçilikde saklamak, seýsmiki monitoringi alyp barmak üçin niýetlenen enjamlar toplumy görkezildi.
Soňra Prezident Elektromehanika tejribehanasynda döredilen mümkinçilikler bilen tanyşdy. Tejribehanada Kanadanyň «CM LABS» kompaniýasynyň agyr tehnikalary sanly gurşawda dolandyrmagy öwredýän interaktiw türgenleşik enjamy, Ispaniýanyň «Seabery» kompaniýasynyň «AR» tehnologiýasyna esaslanýan «Soldamatic» wirtual kebşirleme simulýatory hem-de Germaniýanyň «Lucas Nülle» kompaniýasynyň «CRK 11 Kuka» senagat roboty bilen üpjün edilen enjamlar toplumy ornaşdyryldy.
Umumy himiýa tehnologiýasy tejribehanasynda bolsa Germaniýanyň «Spectro» kompaniýasynyň rentgen flýurosent derňewi üçin niýetlenen «Spectrocube» enjamy ulanylýar. Onuň üsti bilen barlanylýan nusganyň düzümindäki himiki elementleriň mukdary ýokary takyklykda kesgitlenilýär. Şeýle hem bu ýerde Ýewropa önümleri bolan gaz hromatogram, ştangenserkul we HPLC suw hromotograf enjamlary ýerleşdirildi.

Dabaranyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidentine ýokary okuw mekdepleriniň adyndan mukaddes türkmen halylary sowgat berildi. Döwlet Baştutany bu bilim ojaklarynyň Hormatly myhmanlarynyň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy hem-de olara täze awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy.

Täze binalar toplumlarynyň açylyş dabaralary mynasybetli toý sadakalary berildi.