Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Bilermenler» zehin bäsleşiginiň geçirilýändigini yglan etdi.
Bäsleşik «Türkmenistanyň halkara başlangyçlary: sebit durnuklylygynyň we abadançylygynyň girewi» ady bilen geçer.
Gatnaşmak hukuk öwreniş hünärinden beýleki hünärlerde okaýan talyplar üçin açykdyr. Her bir ýokary okuw mekdebi alty sany esasy we iki sany ätiýaçlyk gatnaşyjydan ybarat bolan diňe bir topary hödürläp bilýär.
Bäsleşik talyplaryň Türkmenistanyň halkara başlangyçlary we olaryň sebit durnuklylygy hem-de hyzmatdaşlygy ösdürmekdäki ähmiýeti baradaky bilimlerini barlamaga gönükdirilendir.
Bäsleşige gatnaşmagyň şertleri baradaky goşmaça maglumatlar uniwersitetiň öz resmi saýtynda ýerleşdirildi.