Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde olimpiadalar we ylmy-amaly maslahatlar geçiriler

Şu gün, 04:121,380

Noýabr aýynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde halkara ylmy-amaly maslahatlar, ders olimpiadalary we ylmy taslama bäsleşikleri geçiriler. Bu çäreleriň geçirilmegine görülýän taýýarlyk barada 17-nji oktýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Mämmedow hasabat berdi. Bu barada TDH ýazýar.

Çäreleriň maksatnamasy informatika, sanly tehnologiýalar, emeli aň, oba hojalygy, lukmançylyk, ykdysadyýet we ulag ýaly dürli ugurlary öz içine alýar.

Esasy çäreler:

  • Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti — Informatika boýunça Halkara açyk internet olimpiadasy hem-de sanly tehnologiýalar, emeli aň we kiberhowpsuzlyk boýunça ylmy-amaly maslahat.
  • S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti — Oba senagat toplumynyň durnukly ösüşi boýunça halkara maslahat we Ekologiýa boýunça V Açyk halkara internet olimpiadasy.
  • Türkmen oba hojalyk instituty — «Agroinnowasiýalar: durnukly ösüşiň aýdyň ýoly» atly III halkara ylmy-taslama bäsleşigi.
  • Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti — Häzirki zaman stomatologiýasynyň möhüm meseleleri boýunça maslahat we Biologiýa dersi boýunça V halkara internet olimpiadasy.
  • Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty — Maliýe dersi boýunça III Açyk halkara internet olimpiadasy hem-de ykdysadyýetiň durnukly ösüşi boýunça maslahat.
  • Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty — Durnukly ulag syýasatynyň halkara ulag-logistika hyzmatdaşlygyny berkitmekdäki orny boýunça II halkara ylmy-amaly maslahat.
  • Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti — Himiýa boýunça V halkara olimpiadasy we himiýa ylmyny hem-de tehnologiýalary ösdürmek boýunça maslahat.
  • Türkmen döwlet maliýe instituty — Halkara maliýe hasabatlylygynyň standartlary boýunça III Açyk halkara internet olimpiadasy.
  • Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy — «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak — ykdysady ösüşiň binýady» atly II halkara internet olimpiadasy.

Maslahatlaryň bir bölegini sanly tehnologiýalardan peýdalanmak arkaly gibrid görnüşde geçirmek meýilleşdirilýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow halkara maslahatlary we olimpiadalary geçirmek baradaky teklibi makullady. Döwlet Baştutany ýaşlaryň zehinini ösdürmegiň hem-de ylym-bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy berkitmegiň möhümdigini nygtap, wise-premýere degişli taýýarlyk işlerini geçirmegi tabşyrdy.