Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty ýapon dilini okatmaga we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary berkitmäge köp ýyllaryň dowamynda goşan goşandy üçin Ýaponiýanyň daşary işler ministriniň Hormat hatyna mynasyp boldy.
Sylag institutyň rektoryna Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Sasaki Hirosi tarapyndan gowşuryldy.
Baýramçylyk maksatnamasyny konsert dowam etdirdi: talyplar türkmen we ýapon dillerinde aýdymlary hem-de tans kompozisiýalaryny ýerine ýetirdi, şeýle hem myhmanlara tematik wideosýužetler görkezildi.
Mundan öň institutda Koreýa Respublikasynyň Kangwon milli uniwersiteti bilen bilelikde guralan «Koreý diliniň suhangöýlük sungaty» bäsleşigi geçirilipdi. Oňa ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, okuw merkezleriniň diňleýjileri we mekdep okuwçylary gatnaşdy. Gatnaşyjylar koreý dilini öwrenmek, bilim mümkinçilikleri we ýurtlaryň arasyndaky dostluk temalary boýunça çykyş etdi.
Birinji orny Aşgabat şäherindäki 88-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiň okuwçysy Leýli Babanyýazowa, ikinji orny — Patyşa Sejong adyndaky koreý okuw merkeziniň diňleýjisi Aýnur Eýýamberdiýewa, üçünji orny bolsa institutyň talyby Leýli Ergeşowa eýeledi. Ýeňijiler Hormat hatlary bilen sylaglandy we Koreýa Respublikasyna okuw saparyna gitmek mümkinçiligini gazandy.