Hywada hytaý uniwersitetiniň şahamçasy açylar: ilkinji talyplar mugt okap biler

09.10.2026, 09:095,026

Hywada Hytaýyň Lýaonin mugallymçylyk uniwersitetiniň şahamçasy açylar, bu ýerde 2030/2031 okuw ýylyna çenli kabul edilen ähli talyplar döwlet granty bilen mugt okap bilerler.

Şahamça Özbegistanyň Ýokary bilim, ylym we innowasiýa ministrliginiň, Ürgenç döwlet uniwersitetiniň we Lýaonin mugallymçylyk uniwersitetiniň bilelikdäki taslamasynyň çäginde dörediler.

Täze okuw mekdebi özbaşdak uniwersitet bolar. Sapaklar özbek, hytaý we iňlis dillerinde okadylar, bilim maksatnamalary bolsa Özbegistanyň talaplaryny göz öňünde tutup, hytaý standartlaryna laýyklykda işlenip düzüler.

2030/2031 okuw ýylyndan soň, orunlaryň 30%-i her ýyl grant esasynda, galanlary bolsa şertnama esasynda berler.

Şahamça Horezm sebitindäki ýokary okuw mekdepleri we tehnikumlar bilen hem hyzmatdaşlyk eder. Hususan-da, tehniki kollejlerde syýahatçylyk we maglumat tehnologiýalary hünärleri boýunça bilim alýan talyplar üçin hytaý okuw usulyýetlerini ornaşdyrmak meýilleşdirilýär. Tehnikumy tamamlanlaryndan soň, uçurymlar bakalawr maksatnamasy boýunça okuwlaryny dowam etdirip bilerler.

2027-nji ýyldan başlap, şahamça emeli aň boýunça okuwlary hödürlär. Her ýyl Hytaýdan gelen hünärmenler bilen onlaýn we oflaýn okuwlara gatnaşmak üçin 250 mugallym saýlanar.

Uçurymlar şahamçanyň we/ýa-da Lýaonin mugallymçylyk uniwersitetiniň ýokary bilim resminamasy hökmünde ykrar edilýän diplomyny alarlar. Talyplar sebitdäki kompaniýalarda, şol sanda goşa bilim almak görnüşiniň çäklerinde tejribe geçerler.

Özbegistanly mugallymlar aýlyk haklarynyň ýokarlandyrylan möçberini, ýagny 1,5 tarif koffisiýentini we Bitewi aýlyk haklarynyň ölçegine laýyklykda esasy zähmet hakyny alarlar.