Türkmenistanda milli bilim ulgamyny ösdürmegiň milli institutyny döretmek meýilleşdirilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurda teklipleri taýýarlamalydygyny we degişli işleri geçirmelidigini Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde aýtdy.
«Watan» habarlar gepleşiginde görkezilen çykyşynda Gurbanguly Berdimuhamedow birnäçe meselelere, şol sanda ylym-bilim we ýaşlar syýasaty meselelerine aýratyn ünsi çekip, bu ugurda täze başlangyçlary öňe sürdi.
Hususan-da, ýokary hünärli pedagogik işgärleriň durnukly işlemegini üpjün etmek üçin okuw dersleri boýunça mugallymlara bolan islegiň bäş ýyllyk çaklamasyny taýýarlamak bellenildi.
Mundan başga-da, Gurbanguly Berdimuhamedow ylmyň gazananlarynyň önümçilige ornaşdyrylmagy we innowasiýalaryň durmuşa geçirilmegi netijesinde gazanylýan goşmaça maliýe serişdelerini ylym-bilim bilen bagly işlere, aýratyn hem talyplaryň we ýaş alymlaryň ylmy başlangyçlaryny goldamaga gönükdirmegi maslahat berdi.
Şeýle-de, ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösmegi we döwlet hem-de jemgyýetçilik durmuşyna giňden gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasyny kabul etmegiň möhümdigi bellenildi. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, muny üstünlikli durmuşa geçirmek zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga we ylymly-bilimli nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge ýardam berer.