4–10-njy noýabr aralygynda Polşanyň Katowise şäherinde ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda matematika boýunça ISTCiM-2026 halkara toparlaýyn olimpiadasy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň dokuz ýokary okuw mekdebiniň toparlary gatnaşdy.
Şahsy bäsleşikde türkmen talyplary üç medala mynasyp boldular.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby Oguzhan Garlyýew birinji orun eýeläp, altyn medal gazandy. Ýene iki talyp – Hallymuhammet Annageldiýew we Halmyrat Myratgeldiýew bürünç medal eýeledi.
Olimpiada Awstriýanyň, Beýik Britaniýanyň, Germaniýanyň, Ispaniýanyň, Italiýanyň, Polşanyň, Sloweniýanyň we Fransiýanyň ýokary okuw mekdepleriniň toparlary hem gatnaşdy.
Türkmenistanyň toparyna Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Türkmen oba hojalyk institutynyň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Döwlet energetika institutynyň, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň hem-de Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyplary wekilçilik etdiler.