Türkmen ýaşlary Hytaýda magistraturada okamak üçin talyp hakyna dalaş edip biler

Düýn, 15:552,366

Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümeti 2027/2028-nji okuw ýyly üçin «Tapawutlanan ýaşlar» (Outstanding Youth) talyp haky maksatnamasyna arzalary kabul edip başlandygyny yglan etdi. Bu barada Orient habar berýär.

Maksatnama iňlis dilinde bir ýyllyk magistrlik maksatnamasy boýunça okamaga mümkinçilik berýär. Saýlama tapgyryndan geçen gatnaşyjylara maksatnamanyň çäginde bilim almak bilen bagly çykdajylary doly ýapýan talyp haky berilýär.

Arzalar Hytaýyň Döwlet talyp haky maglumat ulgamy (China Scholarship Council) arkaly kabul edilýär. Resminamalary tabşyrmagyň iň soňky möhleti — 2027-nji ýylyň 29-njy marty.

Hasaba alyş üçin şu salgylanmadan peýdalanmaly.

Gatnaşmagyň şertleri we maksatnama barada giňişleýin maglumat Hytaýyň resmi bilim portalynda ýerleşdirilendir.