TOHI Russiýanyň ylmy sitirleniş indeksinde 1000 ylmy makala görkezijisine ýetdi

Düýn, 16:521,101

Türkmen oba hojalyk institutynyň professor-mugallymlarynyň we ylmy işgärleriniň Russiýanyň ylmy sitirleniş indeksinde (РИНЦ) ýerleşdirilen ylmy makalalarynyň sany 1000-e ýetdi. Bu barada ýokary okuw mekdebi habar berdi.

Institutyň makalalary oba hojalyk ylmynyň dürli ugurlaryny, şol sanda oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmegiň tehnologiýalaryny, bagbançylygy we gök ekerançylygy, ýer hem-de suw serişdelerini rejeli ulanmagy, mehanizasiýalaşdyrmagy we gidromelioratiw ulgamlary, şeýle hem agrosenagat önümçiligine innowasiýalary ornaşdyrmagy öz içine alýar.

Oba hojalygy üçin amaly ähmiýeti bolan barlaglara aýratyn üns berilýär. Olaryň netijeleri önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmaga we oba hojalyk önümçiliginiň amaly meselelerini çözmäge gönükdirilendir.

Ylmy işlere talyplar hem işjeň çekilýär, bu bolsa olaryň gözleg we taslama başarnyklaryny ösdürmäge ýardam edýär.

Russiýanyň ylmy sitirleniş indeksinde 1000 neşir sepgidine ýetilmegi institutyň ylmy-barlag işleriniň ösüşiniň nobatdaky görkezijisi boldy. Geljekde ýokary okuw mekdebi ýaş alymlary goldamak, ylmy kuwwaty ösdürmek we oba hojalyk pudagyna innowasion işläp taýýarlamalary ornaşdyrmak boýunça işleri dowam etdirmegi meýilleşdirýär.