Türkmen rektorlary Merdok uniwersitetindäki maslahata gatnaşýar

05.11.2026, 21:013,561
1 / 10

3–6-njy noýabr aralygynda Awstraliýa Arkalaşygynyň Pert şäheriniň Merdok uniwersitetinde Uniwersitetleriň halkara assosiasiýasynyň «Emeli aň döwründe uniwersitetleriň gymmaty» atly 17-nji baş maslahaty geçirilýär. Bu halkara çärä Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň hem-de Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň rektorlary gatnaşýar diýip, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.

Foruma dünýäniň köp sanly ýurtlaryndan bilim we ylym ulgamynyň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary hem-de halkara hünärmenleri ýygnandy. Maslahatyň barşynda emeli aňy we innowasion tehnologiýalary bilim ulgamyna ornaşdyrmak, durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde uniwersitetleriň eýeleýän orny hem-de akademik hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň birnäçe ýokary okuw mekdepleri Uniwersitetleriň halkara assosiasiýasynyň agzasydyr.

Dabarada Uniwersitetleriň halkara assosiasiýasynyň baş sekretary doktor Iligýe want Land gurama tarapyndan 2023–2026-njy ýyllarda ýerine ýetirilen işler barada giňişleýin çykyş etdi. Saparyň çäginde türkmen wekiliýeti birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirip, geljekki hyzmatdaşlygyň ugurlaryny kesgitledi.

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň bu foruma gatnaşmagy milli bilim ulgamynyň halkara derejede bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, daşary ýurt uniwersitetleri bilen göni gatnaşyklary ýola goýmaga hem-de bilelikdäki ylmy-barlag taslamalaryny durmuşa geçirmäge ýardam eder.