Türkmenistanyň bilim ministri Özbegistandaky Yslam siwilizasiýasy merkezine baryp gördi

Düýn, 16:012,874

28-nji oktýabrda Daşkent şäherinde geçirilen Merkezi Aziýanyň halkara bilim forumyndan soň Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew Ürgenç döwlet uniwersitetiniň rektory Feruza Madrahimowa bilen bilelikde Yslam siwilizasiýasy merkezine baryp gördi. Bu barada Bilim ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.

Saparyň dowamynda myhmanlar Merkezi Aziýa halklarynyň baý taryhy mirasy, beýik pederleriň ylym-bilimiň, aň-biliminiň we pikirleniş medeniýetiniň ösmegine goşan ägirt uly goşandy bilen ýakyndan tanyşdy. Yslam siwilizasiýasy ata-babalaryň döreden ylmy we ruhy mirasynyň şu günki hem-de geljekki nesiller üçin möhüm ähmiýete eýedigini açyp görkezýän, bilimiň we ylmy pikirlenişiň kuwwatyny şöhlelendirýän özboluşly merkezdir.

Merkeziň ekspozisiýalary beýik alymlaryň dünýä siwilizasiýasynyň ösüşine goşan goşandy, olaryň bilime bolan ymtylyşy, çuňňur dünýägaraýşy we aň-bilim ýaýratmak däpleri barada myhmanlarda uly täsir galdyrdy.

Bu sapar Merkezi Aziýa halklaryny umumy taryhyň, bitewi ruhy gymmatlyklaryň hem-de ylym-bilime bolan belent hormatyň birleşdirýändigini ýene bir gezek aýdyň görkezdi.

Habar berşimiz ýaly, mundan öň Jumamyrat Gurbangeldiýew Ürgenç döwlet uniwersitetiniň rektory bilen bilim we ylym ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerini maslahatlaşypdy. Feruza Madrahimowa ýokary okuw mekdebiniň türkmenistanly ýaşlary okamaga çekmek boýunça bilelikdäki taslamalara taýýardygyny tassyklady.