27-nji oktýabrda Özbegistan Respublikasynyň Ürgenç döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew bilen uniwersitetiň rektory Feruza Madrähimowanyň arasynda resmi duşuşyk geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar berýär.
Duşuşygyň dowamynda ýokary bilim we ylym ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi uly ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Uniwersitetiň rektory Feruza Madrähimowa ýokary okuw mekdebine daşary ýurtly talyplary, şol sanda Türkmenistanyň ýaşlaryny okamaga çekmek, olar üçin amatly şertleri döretmek, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri bilen ylmy-akademiki gatnaşyklary giňeltmek hem-de bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek boýunça taýýardyklaryny beýan etdi. Şeýle hem Ürgenç döwlet uniwersitetiniň talyplarynyň Türkmenistanda geçirilýän halkara ders olimpiadalaryna yzygiderli we işjeň gatnaşýandyklary nygtaldy.
Gepleşikleriň çäginde Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky taryhy dostluk, doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň uly ähmiýete eýedigi aýratyn bellenildi.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar ylym-bilim hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de giňeltmek, iki ýurduň alymlarynyň we talyplarynyň halkara ylmy maslahatlara, forumlara we akademiki çärelere özara gatnaşygyny işjeňleşdirmek barada pikir alyşdy.