Merkezi Aziýa döwletleriniň we Mongoliýanyň bilim ministrleri «tegelek stoluň» başyna üýşdi

Düýn, 18:171,770
1 / 4

Şu gün, 23-nji oktýabrda Aşgabatda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Mongoliýanyň bilim ministrleriniň gatnaşmagynda tegelek stoluň başyndaky maslahat geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda bilim ulgamynda ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi boýunça giňişleýin pikir alşyldy. Maslahatda Türkmenistanyň milli bilim syýasatynyň ösüş ugurlaryna aýratyn üns berildi. Ýurtda häzirki zamanyň täzeçil usullaryny özleşdirmek we bilim ulgamyna sanly tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmak esasy ugurlaryň biri hökmünde kesgitlenýär.

Halkara guramalarynyň we dünýä akademiki jemgyýetçiliginiň wekilleriniň gatnaşmagynda geçen duşuşykda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Milli azlyklar boýunça ýokary komissary Kristof Kamp, ÝUNESKO-nyň Almaty şäherindäki sebitleýin edarasynyň hünärmenleri hem-de halkara bilermenler çykyş etdi.

Çykyşlarda ykdysadyýetiň sanlylaşdyrylmagynda milli bilim edaralarynyň eýeleýän möhüm orny nygtalyp, bilim ojaklarynyň işini kämilleşdirmek we ösen halkara tejribäni özleşdirmek meseleleri barada aýdyldy.

Maslahatda sebit ýurtlarynyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň we talyplarynyň arasynda özara tejribe alyşmagy, amaly gatnaşyklary ýola goýmagy hem-de bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegi ösdürmek möhüm wezipeler hökmünde kesgitlendi.