Türkmenistan we Ýaponiýa wodorod energetikasy boýunça hyzmatdaşlygy giňeldýär

Düýn, 18:101,460
1 / 3

14-16-njy oktýabr aralygynda ylym-bilim hyzmatdaşlygyny ösdürmek we wodorod energetikasy ulgamyndaky özara gatnaşyklary giňeltmek maksady bilen Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektorynyň Ýaponiýa sapary amala aşyryldy. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.

Saparyň çäklerinde Sukuba uniwersitetiniň Prezidenti Keýsuke Nagata bilen duşuşyk geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda bilelikdäki ylmy barlaglary geçirmek, ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak we tebigy gazdan wodorod öndürmegiň innowasion tehnologiýalaryny ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Sukuba uniwersitetiniň arasynda 2025-nji ýylyň 7-nji aprelinde gol çekilen özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň esasynda alnyp barylýar.

15-nji oktýabrda Türkmenistanyň wekiliýeti Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrliginiň (METI) Tebigy serişdeler we energetika agentliginiň hem-de Täze energiýa we senagat tehnologiýalaryny ösdürmek guramasynyň (NEDO) wekilleri bilen duşuşyklary geçirdi. Şeýle hem wekiliýet agzalary Chiyoda korporasiýasynyň Kiyasu Research Park ylmy-barlag merkezine, Sukuba uniwersitetiniň Wodorod baglanyşyklaryny öwreniş merkezine (HBRC) we TIAR ylmy-barlag institutyna baryp gördi.

Duşuşyklarda hünärmenleri taýýarlamak meselesine aýratyn üns berildi. Häzirki wagtda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň üç mugallymy Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň (JICA) goldawy bilen durmuşa geçirilýän «SDGs Global Leader» maksatnamasynyň çäginde Sukuba uniwersitetinde hünärini ýokarlandyrýar.

Bu amala aşyrylan sapar Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň ylym, bilim we innowasion tehnologiýalar babatda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga we wodorod energetikasy ulgamyny ösdürmäge ýardam eder.