Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda 25-nji noýabrda «STEM olimpiada» atly innowasion bilim bäsleşigi we onuň çäklerinde tematiki sergi geçiriler. Bäsleşige gatnaşmaga Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary çagyrylýar.
Düzgünnamaa laýyklykda, her bir okuw mekdebinden bäş talypdan köp bolmadyk bir topar gatnaşyp biler. Toparlar bäsleşigiň «STEM», «STEAM» ýa-da «STREAM» ugurlarynyň biri boýunça özara bäsleşer.
Intellektual bäsleşige gatnaşmak üçin hasaba alnyş 15-nji noýabra çenli dowam eder. Gatnaşyjylar baradaky maglumatlary bellenen nusga laýyklykda taýýarlap, guramaçylyk toparynyň tdbgistem2026@gmail.com elektron poçta salgysyna ibermeli.
Hasaba alnyş anketasy we bäsleşik baradaky goşmaça maglumatlar institutyň resmi web sahypasynda ýerleşdirildi.
Bu innowasion bäsleşigiň esasy maksady bilimiň hilini ýokarlandyrmakdan, «STEM», «STEAM» we «STREAM» usulyýetlerini okuw işine giňden ornaşdyrmakdan we ýurduň okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdan ybarat. Şeýle hem çäre zehinli talyplary ýüze çykarmaga, olarda esasy hünär başarnyklaryny, tehnologik sowatlylygy, tankydy pikirlenmek ukybyny we häzirkizaman tehnologiýalary bilen işleşmek başarnyklaryny ösdürmäge ýardam berer.