2026-njy ýylyň 10-njy oktýabrynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda ylalaşyga gol çekildi. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.
Ylalaşyga laýyklykda, taraplar bilim maksatnamalarynyň hilini ýokarlandyrmak, öňdebaryjy iş tejribelerini we okuw-usuly resminamalary alyş-çalyş etmek boýunça bilelikde iş alyp barar. Resminama mugallymlaryň, talyplaryň hem-de ylmy işgärleriň akademiki alyş-çalyşlaryny üpjün etmegi, hünär derejesini ýokarlandyrmagy we düýpli ylmy barlaglary amala aşyrmak maksady bilen hünärmenleri hyzmatdaş ýokary okuw mekdebine ibermegi göz öňünde tutýar.
Mundan başga-da, halkara derejeli ylmy-barlag we ylmy-tehniki taslamalary, kongresleri, simpoziumlary, maslahatlary we sergileri bilelikde guramak, şeýle hem ylmy-usuly neşirleriň we okuw gollanmalarynyň alyş-çalşyny amala aşyrmak bellenildi. Bu hyzmatdaşlyk iki ýokary okuw mekdebiniň ylmy-intellektual kuwwatyny birleşdirmäge we ýaş hünärmenleri taýýarlamakda täze mümkinçilikleri açmaga uly goşant goşar.