Türkmenistanyň ýaş alymlarynyň ylmy işleriniň ýygyndysy neşir edildi

Düýn, 12:521,782

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli Ýaş alymlar geňeşiniň agzalarynyň, magistrantlaryň, aspirantlaryň, dalaşgärleriň we talyplaryň ylmy hem-de ylmy-usuly işleriniň ýygyndysy neşir edildi. Ýygyndy Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty tarapyndan taýýarlandy.

Ylmy makalalar ýygyndysy ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň, magistrantlarynyň we ýaş alymlarynyň gatnaşmagynda döredildi. Ol ylym, innowasiýalar we önümçilik ulgamlaryndaky täzeçil çözgütlere, şeýle hem ylmy-usuly gözleglere bagyşlanan işleri jemleýär.

Neşirde möhüm meseleleriň giň toplumy — sanly ykdysadyýetden başlap, ýaşyl energetika, emeli aň we milli medeni mirasy sanlylaşdyrmak ýaly wajyp ugurlar öz beýanyny tapdy.

Ýygyndy ýaşlaryň ylma bolan höwesini ösdürmekde, ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky ylmy hyzmatdaşlygy berkitmekde we innowasion taslamalary önümçilige ornaşdyrmakda ýardam etmäge gönükdirilendir.