Türkmenistanyň bilim hem-de saglygy goraýyş ulgamlaryny kämilleşdirmek, okatmagyň usulyýetini döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, 2026-njy ýylda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýokary we umumybilim berýän orta mekdepler üçin birnäçe täze okuw kitaplary neşir edildi. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.
Lukmançylyk ýokary okuw mekdepleriniň talyplary hem-de saglygy goraýyş hünärmenleri üçin M.Jumaýew we H.Hydyrow tarapyndan taýýarlanan «Şöhle bilen anyklaýyş we bejeriş» okuw kitaby çapdan çykdy. Bu gollanmada häzirki zaman radiologiýasynyň we rentgenologiýasynyň gazananlary, keselleri we patologiýalary şöhle bilen bejermegiň usullary, şeýle hem bu ugurda ulanylýan döwrebap enjamlar baradaky maglumatlar giňişleýin beýan edilýär.

Umumybilim berýän orta mekdepleriň XII synp okuwçylary üçin bolsa daşary ýurt dillerini öwrenmäge niýetlenen iki sany täze neşir hödürlenildi. R.Nazarow, G.Ataýewa, A.Gurbanowa, G.Baýjikowa we S.Çaryýarowa tarapyndan taýýarlanan «Iňlis dili (I daşary ýurt dili)» okuw kitaby sekiz bölümden ybarat bolup, maşgala, jemgyýet, Watan, tebigat, medeniýet, syýahat hem-de geljek ýaly möhüm temalary öz içine alýar. Kitap tekstler, dialoglar we gönükmeler arkaly okuwçylaryň dil başarnyklaryny ösdürmäge gönükdirilendir.
Mundan başga-da, O.Pirliýewa, W.Ahundowa, G.Hajymyradowa we O.Starowa tarapyndan taýýarlanan 12-nji synplar üçin täze «Rus dili» okuw kitaby neşir edildi. Alty tematik bölümden we 64 sapakdan ybarat bolan bu okuw-usuly gollanma fonetika, leksika, morfologiýa, orfografiýa hem-de sintaksis boýunça bilimleri çuňlaşdyrmak bilen bir hatarda, türkmen we rus edebiýatynyň görnükli wekilleriniň eserleri arkaly okuwçylaryň dünýägaraýşyny giňeltmäge hem-de iki halkyň edebi mirasyna bolan gyzyklanmasyny artdyrmaga ýardam berer.