Türkmen talyplary Bali adasynda ýaş fizikleriň bütindünýä olimpiadasynda ýeňiji boldular

Şu gün, 15:36839

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary 4–9-njy noýabr aralygynda Indoneziýanyň Bali adasynda geçirilen «Bütindünýä ýaş fizikleriniň olimpiadasy — 2026» atly halkara bäsleşikde Baş baýraga we bäş medala mynasyp boldular. Bu barada uniwersitetiň resmi saýtynda habar berilýär.

Baýraga mynasyp bolan talyplar:

  • Musa Artykow, TDU-nyň fizika fakultetiniň talyby — altyn medal we Baş baýrak;
  • Kadyrberdi Ýazdurdyýew, fizika fakultetiniň talyby — altyn medal;
  • Dawut Alybaýew, radiofizika we elektronika fakultetiniň talyby — kümüş medal;
  • Arslan Jumaýew, radiofizika we elektronika fakultetiniň talyby — kümüş medal;
  • Emir Tuwakow, radiofizika we elektronika fakultetiniň talyby — bürünç medal.

Türkmen toparyna TDU-nyň nazary we eksperimental fizika kafedrasynyň mugallymy Allamyrat Amanmädow ýolbaşçylyk etdi.

Halkara bäsleşige Türkmenistanyň, Wýetnamyň, Gwatemalanyň, Indoneziýanyň, Filippinleriň, Malaýziýanyň, Meksikanyň, Rumyniýanyň, Mýanmanyň, Taýlandyň we Gazagystanyň 41 sany ýokary okuw mekdebinden 200-e golaý talyp gatnaşdy.