Türkmen okuwçylaryna bir ýyl ABŞ-da okamaga mümkinçilik berýän maksatnama saýlama başlaýar

Şu gün, 15:542,770
1 / 2

Türkmenistanda 2027-nji ýylyň ýanwar aýynda 2027–2028-nji okuw ýyly üçin FLEX Global mekdep maksatnamasynyň gatnaşyjylaryny saýlap almak boýunça synaglar geçiriler. Bäsleşigiň ýeňijileri bir okuw ýylyny ABŞ-da geçirip, kabul ediji maşgalalarda ýaşar we amerikan mekdeplerinde okap biler.

Saýlama tapgyrynyň tertibini Halkara bilim boýunça Amerikan geňeşleri (American Councils for International Education) neşir etdi.

Bäsleşige 2010-njy ýylyň 1-nji ýanwary bilen 2012-nji ýylyň 15-nji iýuly aralygynda doglan Türkmenistanyň raýatlary gatnaşyp bilýär. Dalaşgärlerden gowy ýetişik we iňlis dilini ýeterlik derejede bilmek talap edilýär.

Maksatnama ABŞ-nyň Döwlet departamenti tarapyndan maliýeleşdirilýär.

Synaglar sagat 09:00-da başlar we ýurduň alty şäherinde geçiriler:

  • Mary — 3-nji ýanwar, 19-njy orta mekdep;
    Türkmenabat — 5-nji ýanwar, 2-nji orta mekdep;
    Daşoguz — 7-nji ýanwar, 4-nji orta mekdep;
    Balkanabat — 9-njy ýanwar, 3-nji orta mekdep;
    Türkmenbaşy — 10-njy ýanwar, 10-njy orta mekdep;
    Aşgabat — 11-nji ýanwar, 20-nji orta mekdep.

Gatnaşyjylar ýany bilen dogluş hakynda şahadatnamanyň ýa-da pasportyň asyl nusgasyny, 3×4 sm ölçegdäki fotosuraty we gara syýaly ruçka getirmelidirler. Synaga mekdep lybasynda gelmeli.

Goşmaça maglumat almak üçin şu aşakdakylar boýunça habarlaşyp bilersiňiz: