ABŞ-da daşary ýurtly talyplaryň sany 15% azaldy

Düýn, 21:012,009

2026-njy ýylyň güýzki semestrinde ABŞ-nyň bilim edaralarynda okuwa täze giren daşary ýurtly talyplaryň sany, geçen okuw ýylynyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 15 göterim azaldy. Bu barada CNBC habar berýär.

Tutuş 2025–2026-njy okuw ýylynyň dowamynda ýurtdaky daşary ýurtly talyplaryň umumy sany 17 göterimden gowrak peseldi. Muňa has-da ýurda Hindistandan we Hytaýdan gelen talyplaryň azalmagy güýçli täsir etdi.

CNBC tarapyndan pikirleri öwrenilen kollejleriň wekilleri bu ýagdaýy ABŞ-nyň migrasiýa syýasatynda talaplaryň berkidilmegi we talyp wizalarynyň hereket ediş möhletlerine degişli düzgünleriň üýtgedilmegi bilen baglanyşdyrýarlar.

Halkara bilim işgärleriniň assosiasiýasynyň (NAFSA) maglumatyna görä, daşary ýurtly talyplar 2025–2026-njy okuw ýylynda ABŞ-nyň ykdysadyýetine, takmynan, 40 milliard dollar goşant goşdy. Çaklamalara görä, olaryň sanynyň şu okuw ýylynda azalmagy ýurduň ykdysadyýetine 2,4 milliard dollar töweregi ýitgi getirer.

Fitch Ratings agentliginiň hasabatynda talyp wizalaryny bermek düzgünleriniň üýtgedilmeginiň, ilkinji nobatda, amerikan kollejleriniň we uniwersitetleriniň maliýe ýagdaýyna täsir etjekdigi bellenilýär. Daşary ýurtly talyplar, adatça, okuwyň doly bahasyny töläp okaýar ýa-da amerikan talyplaryna garanyňda okuw mekdeplerinden has az maliýe goldawyny alýar.

Bu ýagdaý, esasan, magistratura we STEM maksatnamalary boýunça köp sanly talyby taýýarlaýan ýokary okuw mekdeplerine täsir edip biler. Ylym, tehnologiýa, inženerçilik we matematika ugurlaryny öz içine alýan bu maksatnamalary daşary ýurtly talyplaryň 57 göterimi saýlaýar.