TDU bilen Eýranyň Ferdöwsi uniwersitetiniň arasynda Ähtnama gol çekildi

Düýn, 12:492,709

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen Maşatdaky Ferdöwsi uniwersitetiniň (Eýran Yslam Respublikasy) arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Bu barada türkmen uniwersitetiniň resmi saýtynda habar berilýär.

Resminama Magtymguly adyndaky TDU-nyň rektory Orazgeldi Öwezsähedow we Ferdöwsi uniwersitetiniň rektory Abdulreza Jawan Jafari Bojnordi gol çekdi.

Ylalaşyga laýyklykda, uniwersitetler mugallymlaryň hünärini ýokarlandyrmak we akademiki alyş-çalyş boýunça bilelikde iş alyp barar. Resminama netijeli we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge, öňdebaryjy tejribeleri alyşmaga we bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmäge ýardam eder.

Gol çekmek dabarasy Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda 10-njy oktýabrdan 12-nji oktýabr aralygynda dowam edýän «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň çäklerinde geçirildi.