Täze professorlara we dosentlere attestatlary gowşuryldy

Şu gün, 07:302,774
1 / 5

Tükmenistanyň Ylymlar akademiýasynda professor, dosent we uly ylmy işgär alymlyk atlaryna eýe bolan alymlara attestatlary gowşurmak dabarasy geçirildi. Çäre ýurduň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlandy, diýip TDH habar berýär.

Dabara ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, professor-mugallymlary, Ylymlar akademiýasynyň alymlary we ugurdaş ylmy-barlag institutlarynyň işgärleri gatnaşdy.

Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Ýokary attestasiýa komitetiniň prezidiumynyň alymlyk atlaryny dakmak hakynda Prezident Serdar Berdimuhamedow tarapyndan tassyklanan çözgüdi okaldy.

Alymlar ylym-bilim ulgamynyň ösdürilmegine berilýän döwlet goldawy üçin minnetdarlyk bildirip, milli ylym ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek, ylmy işleri alyp barmagyň usulyýetini kämilleşdirmek hem-de toplanan tejribäni peydalanmak ugrunda zähmet çekmegi dowam etdirjekdiklerine ynandyrdy.