ÝUNISEF we Türkmenistan mekdep ýaşyna ýetmedik çagalary okatmagyň täze usulyýetini ornaşdyrýar

Şu gün, 16:511,470
1 / 5

Türkmenistanyň Bilim ministrligi BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) goldaw bermeginde 2026-njy ýylyň 12—16-njy oktýabry aralygynda Maryda we Aşgabatda mekdebe çenli çagalaryň bilimine bolan çemeleşmeleri berkitmäge, şeýle hem mekdebe çenli bilim edaralarynyň mugallymlaryny taýýarlamagy we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmagy kämilleşdirmäge gönükdirilen seminarlary hem-de maslahatlary geçirdi. Bu barada THP habar berýär.

Çäreler Bilim ministrliginiň, Milli bilim institutynyň wekillerini, welaýat we etrap derejesindäki mekdebe çenli bilim boýunça hünärmenleri hem-de pedagoglary bir ýere jemledi.

Mary şäherinde ÝUNISEF-iň mekdebe çenli bilim boýunça halkara hünärmeni Kristian Fabbi milli toparyň agzalary bilen bilelikde synag çagalar baglaryna baryp gördi. Saparyň maksady kiçi ýaşly çagalary okatmakda oýun we barlag-gözleg çemeleşmelerini ulanmak boýunça alnyp barylýan häzirki işlere gözegçilik etmekden we garşylykly pikirleri almakdan ybarat boldy. Şeýle-de mekdebe çenli bilim pedagoglary tarapyndan geçirilen amaly sapaklara gatnaşyldy.

Maksatnamanyň çäginde amatly bilim gurşawynyň we topardaky gözegçiligiň pedagoglara her bir çaganyň gyzyklanmalaryny we ösüş aýratynlyklaryny görmäge nähili kömek edip biljekdigine üns berildi.

Saparyň çäginde 35 sany hünärmen üçin çaga ugrukdyrylan mekdebe çenli bilim boýunça amaly seminar guraldy.

Aşgabatda geçirilen iki günlük okuw maslahaty bolsa mekdebe çenli bilim edaralarynyň pedagoglaryny taýýarlamak we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak maksatnamalary üçin täze usuly gollanmalara hem-de amaly gurallar toplumyna seretmäge we tassyklamaga bagyşlandy.

Tassyklanan täze okuw-usuly materiallar Bilim ministrliginiň mekdebe çenli bilim edaralarynyň pedagoglaryny taýýarlamak, çaga ugrukdyrylan oýun we inklýuziw bilimi öňe sürmek boýunça alyp barýan giň gerimli tagallalaryna ýardam edip, bütin ýurt boýunça kiçi ýaşly çagalaryň geljekki bilimi we ösüşi üçin berk binýat goýmaga kömek eder.