«Arkaçda» oýunlar we süýjülikler bilen Koreý medeniýetiniň hepdeligi geçiriler

Şu gün, 07:01983

2-nji noýabrda Aşgabat şäheriniň «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezinde «Koreý medeniýetiniň hepdeligi — 2026» açylar. Bu çäre ilkinji gezek geçirilen Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy sammitine bagyşlanýar diýip, Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy sosial torlarda habar berýär.

Çäräniň çäginde Koreýanyň bäş şäheriniň özboluşly aýratynlyklaryny açyp görkezýän pawilýonlar ýaýbaňlandyrylar. Şeýle hem Patyşa Sejong institutynyň we GKS maksatnamasynyň diwarlyklarynda koreý dilini öwrenmek hem-de Koreýa Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim almak barada giňişleýin maglumatlar hödürlener.

Mundan başga-da, gatnaşyjylar üçin Koreýanyň däp bolan tuho, çegiçhagi, ttakjiçhigi ýaly milli oýunlaryna bagyşlanan zolaklar we ussatlyk sapaklary garaşýar. Ähli şäherleriň pawilýonlaryna aýlanyp gören myhmanlara koreý süýjülikleri berler.

Hepdelik söwda merkeziniň nolunjy gatynda 17:00-da başlar we hemme isleg bildirýänler üçin açykdyr.